https://sportmedia.com.tm/habarlar/fifa-nyn-reyting-sanawy-angliya-9-yyldan-senegal-26-aydan-sonra-ozalky-in-gowy-netijesini-gaytalady/RKTaXG4VzIgyKoL.jpg

FIFA-nyň sentýabr aýy üçin täzelenen sanawynda iki milli ýygyndynyň ― Angliýa bilen Senegalyň ýene bir gezek taryhyndaky iň ýokary derejesine çykyp bilendigini görýäris.

Iňlis futbolçylary täzelenen sanawda Fransiýany yza galdyryp, üçünji basgançaga çykdylar. Olar bu netijäni mundan diňe 9 ýyl ozal ― 2012-nji ýylyň awgust aýynda gazanyp bilipdiler.

Senegal bolsa 26 aýdan soňra ýene-de ilkinji 20-lige girip bildi. Mundan ozal milli ýygyndy bu netijäni 2019-njy ýylyň iýulynda görkezipdi.