https://sportmedia.com.tm/habarlar/eneli-ogul-olimpiyadanyn-taryhyna-girdiler/HOaNiIXE6V8NOcG.jpg

Amerikaly basketbolçylar Pamela we Jaweýl Makgi, olimpiýa oýunlarynyň taryhynda basketbol boýunça altyn medal gazanan ilkinji eneli-ogul hökmünde taryha girdi.

Pamela, baryp-ha 1984-nji ýylda bolup geçen olimpiýa oýunlarynda zenanlaryň arasynda altyn medal gazanan bolsa, onuň ogly bu gün Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň basketbol boýunça milli ýygyndysynyň düzüminde altyn medal (basketbolda erkekleriň arasynda ABŞ-nyň çempiony boldy) gazanmagy başardy.

Şeýlelikde, Pamela we Jaweýl Makgi olimpiadanyň taryhyna altyn medally eneli-ogul bolup girdiler.