https://sportmedia.com.tm/habarlar/el-klasikoda-yene-de-real-madrid-yenis-gazandy/I0dqyMj9gtBqzeU.jpg

Köpleriň sabyrsyzlyk bilen garaşan El Klasiko duşuşygynda ýene-de üstünlik Real Madridiň tarapynda boldy. Ilkinji gezek hem Messisiz, hem-de Ronaldosyz oýnalan El Klasikoda Real Madrid 2-1 hasabynda ýeňiş gazandy. Oýnuň 1-nji ýarymynda Dawid Alabanyň owadan goly bilen hasap açyldy.

2-nji ýarymy dartgyny pes ýagdaýda geçen oýnuň 90+4-nji minutda Lukas Waskes hasaby 2-0-a çykardy. Duşuşygyň 90+7-nji minudynda oýuna soň goşulan Serhio Aguero Barselonanyň adyndan tapawutlansa-da, bu ýeňşe ýeterlik bolmady.

Şeýlelikde, Real Madrid şu möwsümdäki 6-njy ýeňşini gazandy. Barselona bolsa Kamp Nouda köne bäsdeşini 4 oýundan bäri ýeňip bilenok. Real Madrid 1965-nji ýyldan bäri Kamp Nouda yzly-yzyna 4-nji gezek ýeňiş gazandy. Ancelotti Barselonany myhmançylykda ilkinji sapar ýeňmegi başardy.

Duşuşyga 86 müň 422 janköýer tomaşa etdi.