https://sportmedia.com.tm/habarlar/dordoy-taryhynda-13-nji-gezek-gyrgyzystanyn-cempiony-boldy/p1Nb4kHYspE6Mmn.jpg

«Dordoý» Gyrgyz Respublikasynyň futbol çempionatynyň senesi üýtgedilen 1-nji tapgyrynyň duşuşygynda «Neftçini» 3:1 hasabynda ýeňdi. Bu barada "Türkmenportal" habar berýär.

Bişkek şäheriniň topary bu ýeňiş bilen taryhynda 13-nji gezek ýurduň çempiony boldy. Topar mundan ozal 2004, 2005, 2006, 2007, 2008, 2009, 2011, 2012, 2014, 2018, 2019, 2020-nji ýyllarda Gyrgyz Respublikasynyň çempiony bolmagy başarypdy.

Bu çempionlyk topara 2022-nji ýylda AFK kubogynyň toparçalaýyn tapgyryna wekilçilik etmäge mümkinçilik berdi.