https://sportmedia.com.tm/habarlar/dewisin-kubogynyn-bir-finalcysy-belli-boldy/AcOzRGC483L94t7.jpg

Dewis kubogy ýarym finalynyň aýgytlaýjy oýnunda horwat tennis jübüti Nikola Mektiç we Mät Pawiç, serb türgenleri Nowak Jokowiçi we Filip Krainowiçi 7:5, 6:1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi.

Horwatiýanyň milli ýygyndysy dördünji gezek Dewis kubogynyň finalyna çykdy. 2005-nji we 2018-nji ýyllarda kubogy aldy, 2016-njy ýylda bolsa Argentinanyň milli ýygyndysyndan utuldy. 

Horwatiýa finalda Russiýa bilen Germaniýanyň arasyndaky oýnuň ýeňijisi bilen bäsleşer.