https://sportmedia.com.tm/habarlar/cukur-daky-wortolu-indi-futbol-oynamakcy-bolyar/DKr65hCLhwADiWs.jpg

Meşhur türk aktýory Erkan Kolçak Kostendil hakyndaky habar onuň muşdaklaryny haýran galdyrdy.

Mälim bolşuna görä,  Erkan ençe wagtdan bäri futbola gyzygýar we hat-da, «Bursaspor»-da biraz wagt derwezeban hem bolupdyr.

38 ýaşly Kostendil özüniň internet sahypalarynda Niderlandiýa futbol çempionatynyň toparlaryndan biri bolan «Amsterdam Gençlerbirligi» toparyna geçendigi hakynda hoş habary paýlaşdy.

Derwezeban bolmak arzuwy amala aşyp,  klub bilen şertnama baglaşan Erkan Kolçak Kostendil häzirki wagtda türgenleşige başlady.

Kostendil klubuň prezidenti Orhan Arslana topara we menejere minnetdarlyk  bildirip, öz internet sahypasynda «Täze topar, täze öý we täze maşgala» diýen ýazgy galdyrdy.

Maglumat hökmünde belläp geçsek, Erkan Kolçak Kostendil «Ajaýyp asyr» we «Çukur» teleseriallary arkaly meşhurlyk gazanypdy.