https://sportmedia.com.tm/habarlar/borussiya-dortmund-holandyn-oruntutaryny-tapdy/Y0jgB9hReuEGxz1.jpg

«Salzburgyň» hüjümçisi Karim Adeýeminiň möwsümiň ahyrynda Germaniýanyň Bundesligasyna gelmegi mümkin.

Dortmund şäheriniň topary Germaniýa milli ýygyndysynyň 19 ýaşly hüjümçisine 5 ýyllyk şertnama teklip etdi.

Adeýemi, eger Erling Holand ýazda toparyny täzelese, «Borussiýanyň» esasy transfer maksady bolar. Ýöne futbolçy bilen "PSŽ", «Bawariýa», «Real», «Atletiko», «Inter» we «Liwerpul» hem gyzyklanýar.

Hüjümçi şu ýyl Awstriýanyň Bundesligasynda 12 oýunda 10 gezek tapawutlanyp, 1 asist etdi.