https://sportmedia.com.tm/habarlar/boks-boyunca-yenil-agramdaky-dunya-cempiony-calysdy/Edqyy01mWkZrlnY.jpg

Nýu-Ýork şäherinde uzak garaşylan boks gijesi geçirildi.

Gijäniň merkezi tutluşygy ýeňil agramdaky çempion Teofimo Lopes bilen çempionlyga dalaşgär Jorj Kambososyň arasynda geçirildi.

12 raundlap dowam eden tutluşykda ýeňiji eminleriň gelen netijesi bilen yglan edildi. Olar 115:111, 113:114, 115:112 hasaplary bilen (2:1) Kambososyň ýeňiş gazanandygyny yglan etdiler.

Şeýlelikde, mundan beýläk WBA, WBO, IBF we WBC Franchise guşaklary Kambososa degişli.

Teofimo Lopesiň bu guşaga Lomaçenkony ýeňip, mynasyp bolandygyny ýatladýarys.