https://sportmedia.com.tm/habarlar/bawariya-futbolcysy-iki-oyun-ucin-diskwalifikasiya-edildi/HEJxadn7Abvwdvr.jpg

"Bawariýanyň" goragçysy Benžamen Pawar diskwalifikasiýa sebäpli iki oýuna gatnaşyp bilmez.

«Bundesliganyň» 6-njy tapgyrynyň çäginde "Groýtere" garşy oýunda gönüden-göni gyzyl kartoçka alan futbolçy, "Eýntraht" we "Baýere" garşy oýunlarda oýnamaz.

Pawar bu möwsümde liganyň 2 oýnunda meýdana çykdy.