https://sportmedia.com.tm/habarlar/barselonanyn-su-yyl-ycl-nin-18-finalyna-cykyp-biljekdigi-gumana/8TanI6Q2fDc19G5.jpg

UEFA Çempionlar Ligasynda “E” toparçada Barselona öz meýdançasynda Benfikany kabul etdi. Çekeleşikli geçen oýunda hasap açylmady. Katalonlar birnäçe amatly pursatlary elden giderdiler. Oýnuň 90-njy minudyndan soňky minutlarda Benfika toparynyň şweýsariýaly hüjümçisi Haris Seferowiç garşylyklaýyn hüjümde topy boş derwezä gönükdirip bilmedi.

Şeýlelikde, bu deňlik Barselonanyň 1/8 finala çykmak mümkinçiligini azaltdy. Matematik ýagdaýda dowam edýän hem bolsa, Barselonanyň soňky duşuşygynyň myhmançylykda Bawariýa bilen boljakdygyny göz öňünde tutsak, Hawiniň şägirtleriniň işi juda kyn. Barselonanyň 7, mundan soňky tapgyrda Dinamo Kiýewi kabul etjek Benfikanyň 5 utugy bar.

Toparçadaky beýleki oýunda Bawariýa myhmançylykda Kiýewiň Dinamosyny Lewandowski hem-de Komanyň gollary bilen 2-1 ýeňip, utugyny 15-e çykardy.

UEFA Çempionlar Ligasynyň Ýewropa Ligasyny ýadyňa salýan “G” toparçada ýagdaý has-da çylşyrymlaşdy. Toparlaryň ykbaly iň soňky tapgyrda belli bolar. Lill öz meýdançasynda Salsburgy Jonatan Dewidiň ýeke-täk goly bilen 1-0 utdy. 2-nji ýeňşini gazanan we 8 utuk bilen 1-nji orunda barýan Lill, azyndan Ýewropa Ligasynda çykyş etmäge hukuk gazandy. Beýleki duşuşykda-da Sewilýa öz meýdançasynda Wolfsburgy kabul etdi we ondaky gollary-da Žoan Žordan bilen Rafa Mir geçirdi. Sewilýa 6 oýundan soň Çempionlar Ligasynda ýeňiş gazanmagy başardy.