https://sportmedia.com.tm/habarlar/barselona-salzburgyn-hujumcisi-adeyemi-ucin-40-million-teklip-etdi/dCUmJVgafTNiess.jpg

"Barselona" ​​gyşky transfer penjiresinde hüjümini güýçlendirmek we Salzburgyň hüjümçisi Karim Adeýemini satyn almak isleýär.

Çeşmäniň habaryna görä, kataloniýalylar hüjümçini 40 million ýewro satyn almak teklibini berdi. 

19 ýaşyndaky Adeýemi bu möwsüm Awstriýanyň futbol çempionatynda 15 gezek meýdança çykdy. Geçiren duşuşyklarynda 11 pökgini derwezä girizdi we bir gol pasyny berdi.