https://sportmedia.com.tm/habarlar/asgabatda-futbol-boyunca-talimcilik-kursuna-badalga-berdildi/8SjhZJ2LQwM9Up2.jpg

Aziýanyň Futbol Konfederasiýasynyň hem-de Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň bilelikde guramagynda paýtagtymyzda “B” kategoriýany almak ugrunda AFK-nyň tälimçilik kursuna badalga berildi.

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň edara binasynda geçirilýän tälimçilik kursunyň gözükdirijisi hökmünde ýurdumyzyň at gazanan tälimçisi Röwşen Muhadow çykyş edýär.

Nazaryýetdir tejribeçilik sapaklaryny öz içine alýan okuw-ýygnanyşygy iki moduldan ybarat bolar. Onuň ilkinjisi 22-nji noýabrdan 2-nji dekabra çenli, ikinjisi bolsa 17-25-nji dekabr aralygynda dowam eder. Birinji hem-de ikinji modulyň aralygynda gatnaşyjylar öz toparlarynda tejribe sapaklaryny geçerler.

Tälimçilik okuw-ýygnanyşygyna ýurdumyzyň dürli künjegine wekilçilik edýän futbol hünärmenleriň 24-siniň gatnaşýandygyny ýatladýarys.

Okuw-ýygnanyşygynyň soňunda synaglary üstünlikli geçenlere ýörite şahadatnamalar gowşurylar.