https://sportmedia.com.tm/habarlar/asgabat-saherindaki-olimpiya-saherjiginin-sport-myhmanhanasynda-agyr-atletika-boyunca-dopinga-garsy-goresmek-ugurndaky-okuw-seminary-gecirildi/sZLoJBAzm1FK3lz.jpg

Türkmenistanyň Sport we ýaşlar syýasaty ministrligi, Türkmenistanyň dopinge garşy milli agentligi we Türkmenistanyň agyr atletika milli federasiýasy tarapyndan 2021-nji ýylyň 2-nji dekabrynda "Sport myhmanhanasynda" Türkmenistanyň agyr atletika milli ýygyndy toparynyň türgenleri üçin okuw-seminary geçirildi.

 

Bu okuw seminarynda, esasan, doping serişdesini ulanmagyň saglyga ýetirýän zyýany we sagdyn durmuşy kemala getirmek, türgenler halkara ýaryşlara gatnaşanda şol serişdäni ulanmaga garşy, umuman, sportda doping serişdesini ýok etmek ugrunda alnyp barylmaly işler barada durlup geçildi.


2021-nji ýylyň 7-17-nji dekabry aralygynda Özbegistan Respublikasynyň Daşkent şäherinde geçiriljek agyr atletika boýunça dünýä çempionatyna biziň türgenlerimiziň öňünden gatnaşmagy hem has peýdaly boldy.

       

Türkmenistanyň agyr atletika milli ýygyndy türgenleriniň dünýä çempionatynda çykyş etmekde taýýarlygyna we okuw-seminarynyň geçirilmegine “Aýdyň Gijeler” hojalyk jemgyýeti ýakyndan hemaýat etdi.