https://sportmedia.com.tm/habarlar/asgabat-bilen-kopetdag-dordunji-orun-ugrunda-gorese-girer/ZPLraZGTD1DZ8Ox.jpg

Türkmenistanyň futbol çempionatynyň orta gürpünden barýan iki topar ― «Aşgabat» bilen «Köpetdag» 8-nji tapgyrda biri-biri bilen güýç synanyşar. Duşuşyk ertir ― 26-njy noýabrda «Aşgabat» stadionynda geçiriler we öýlän sagat 15-00-da başlanar.

Toparlaryň arasyndaky 1-nji tapgyrda geçirilen duşuşyk 2:2 hasabynda deňlik bilen tamamlanypdy. Häzir «Köpetdagda» 7, «Aşgabatda» 6 utuk bar.

«Aşgabat» ― «Köpetdag» duşuşygynyň resmi adamlary:

Duşuşygyň emini: S.Gurbanow (Balkanabat ş.)
Kömekçi eminler: A.Begnazarow (Mary ş.), A.Jumamyradow (Aşgabat ş.)
Ätiýaçdaky emin: M.Nurberdiýew (Aşgabat ş.)
Gözegçi emin: E.Ramazanow (Aşgabat ş.)
Duşuşygyň komissary: R.Japarow (Aşgabat ş.).