https://sportmedia.com.tm/habarlar/altyn-asyr-maryda-energetigi-yenip-birinji-orna-gecmage-synanysar/dAgtjJEAOk6n6wR.jpg

«Altyn asyr» Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 8-nji tapgyrynda «Energetigiň» myhmany bolar. Türkmenistanyň Futbol federasiýasy bu duşuşygyň ertir ― 26-njy noýabrda Mary şäherindäki «Energetik» stadionynda geçiriljekdigini we öýlän sagat 15-00-da başlanjakdygyny habar berdi.

«Energetigiň» häzir ýaryş tertibiniň iň aşaky basgançagyndan barýandygyny çen tutsak, «Altyn asyr» ýeňiş bilen ýaryşyň başyna geçmäge mümkinçilik alyp biler. Çünki öňdebaryjy «Ahal» tapgyrda ýeňil bolmadyk myhmançylykda «Nebitçi» bilen duşuşar.

Häzir «Altyn asyrda» 15, «Energetikde» bolsa 4 utugyň bardygyny ýatladýarys.

Duşuşygyň resmi adamlary:

Duşuşygyň emini: J.Jumamyradow (Aşgabat ş.)
Kömekçi eminler: E.Annamyradow (Balkanabat ş.), E.Ýazmyradow (Aşgabat ş.)
Ätiýaçdaky emin: R.Isaýew (Mary ş.)
Gözegçi emin: Ş.Durdyýew (Aşgabat ş.)
Duşuşygyň komissary: H.Atanyýazow (Aşgabat ş.)
.