https://sportmedia.com.tm/habarlar/altyn-asyr-futbol-topary-yedinji-gezek-turkmenistanyn-naybasy-kubogyny-gazandy/NO7yATMOiK8I898.jpg

Aşgabadyň “Altyn Asyr” futbol topary taryhynda ýedinji gezek Türkmenistanyň Naýbaşy kubogyny gazanmagy başardy.

Ýazguly Hojageldiýewiň tälim berýän topary şu gün geçirilen duşuşykda “Köpetdagdan” üstün çykmagy başardy. “Aşgabat” köpugurly stadionynda geçirilen duşuşykda “Altyn Asyr” garşydaşyny 2:0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi.

Şeýlelikde, “Altyn Asyr” arzyly kubogy soňky ýedi ýylda ýedinji gezek eýelemegiň hötdesinden geldi.

Ýeňiji bolan topara baýraklary TFF-niň başlygy Arslan Aýnazarow gowşurdy.

Naýbaşy Kubogy ugrundaky duşuşyk:

“Altyn Asyr” – “Köpetdag” – 2:0

Gollar:

1-0 53' Begmyrat Baýow

2-0 68' Selim Ataýew 

Duýduryşlar: 23 Güýçmyrat Annagulyýew, 48 Selim Ataýew, 58 Oraz Orazow (“Altyn Asyr”) – 25 Elýas Akyýew, 49 Şiri Annaýew, 52 Baýramgeldi Gulmaýew, 63 Ýazgylyç Gurbanow, 75 Tofik Şukurow (“Köpetdag”)
Meýdandan çykarylan: Tofik Şukurow, oýundan soň (“Köpetdag”)
Geçirilen ýeri: “Aşgabat” stadiony, merkezi meýdan (Aşgabat ş.)
Duşuşygyň emini: Resul Mämmedow (Aşgabat ş.)
Kömekçi eminler: Pälwan Pälwanow (Daşoguz ş.), Berdimyrat Atdyýew (Tejen ş.)
Ätiýaçdaky emin: Akmyrat Gurbanow (Aşgabat ş.)
Gözegçi emin: Allabergen Sapaýew (Daşoguz ş.)
Duşuşygyň komissary: Berdimyrat Nurmyradow (Aşgabat ş.)