https://sportmedia.com.tm/habarlar/altymyrat-annadurdyyew-uefa-nyn-cempionlar-ligasynda-cykys-edyan-topara-pokgi-geciripdi/4vrVsOcd8wtOKel.jpg

Aşgabadyň «Altyn asyrynyň» we Türkmenistanyň futbol ýygyndysynyň hüjümçisi Altymyrat Annadurdyýew, TFF-niň resmi saýtynda sport synçysy Merdan Baýadow tarapyndan guralan söhbetdeşlikde häzir Ýewropanyň Çempionlar ligasynda çykyş edýän Tiraspol şäheriniň «Şerifi» bilen «Altyn asyryň» geçiren ýoldaşlyk duşuşygyny ýatlady. Bu çaklaňja, ýöne örän täsirli söhbetdeşligi «SportMedianyň» okyjylary bilen hem paýlaşýarys:

 

Moldowanyň «Şerif» futbol klubunyň UEFA-nyň Çempionlar ligasynda uly gowur turzan oýnuny synlap, «Altyn asyr» klubunyň hüjümçisi Altymyrat Annadurdyýew bilen habarlaşdyk. Çünki «Altyn Asyr» Türkiýede geçirilen barlag oýunlarynyň birinde Tiraspolyň «Şerif» topary bilen duşuşypdy. Türkmenistanyň çempionatynyň iň netijeli oýunçylarynyň biri Altymyrat Annadurdyýewden şol oýny ýatlap bermegini haýyş etdik:

– Gürrüňini edýän oýnuňyz 2019-njy ýylda bolupdy. «Şerif» şol oýunda 2:1 hasabynda üstün çykdy. Şol bir goly hem derwezeçi bilen başa-baş çykyp tora salypdym.

– Şol wagt «Şerif» topary sizde nähili tasir galdyrypdy?

– Garşydaşymyzyň Ýewropa kuboklarynda oýnaýandygy hemmä mälimdi. Guramaçylykly oýunlaryndan başlap, her ädimde olaryň ynamly hereketlerini duýmak bolýardy. Ýöne oýun barlag duşuşygy bolansoň, iki tarapyňam oýunçylarynyň oýun usullaryny synagdan geçirendigini unutmak bolmaz.

– Elbetde, bu ýagdaý oýnuň hasabynyň ikinji derejelidigini aňladýar. Siz «Şerifiň» «Şahtýordan» üstün çykandygyny eşideniňizde, şol oýny ýatladyňyzmy?


– Ozaldan tanyş topar bolansoň, oýun pursatlary ýadyňa düşmän durmaýar. Ýewropanyň kubok ýaryşlarynda garaşylmadyk oýun görkezýän toparlar hemişe-de gabat gelýär. Bu gezek gowur turuzmak Tiraspol şäheriniň futbol toparynyň paýyna düşdi.

– Beren gürrüňleriňiz üçin sag boluň! Size durmuşda we futbol meýdançasynda elmydama rowaçlyklaryň hemra bolmagyny arzuw edýäris!