https://sportmedia.com.tm/habarlar/aljameyn-sterling-yene-de-ten-sikesini-aldy/BqIvBHNUvWQhZOr.jpg

Iň ýeňil agram derejesinde çykyş edýän UFC çempiony Aljameýn Sterling ýene-de ten şikesini aldy.

Amerikaly çempion türgenleşik wagtynda ýaralanandygyny öz instagram sahypasynda aşaky dodagynyň iç ýüzündäki uly çapyk görnüşinde goýan suratlary we onuň üstüne ýazan posty bilen yglan etdi.

— Düýn gijara erbet şikeslendim. Indi 2023-nji ýyla çenli ringe çykyp bilmerin — diýip, Sterling ýazdy.