https://sportmedia.com.tm/habarlar/aljamein-sterling-cykys-edyan-agram-derejesini-uytgedip-biler/jWpXtuqI0fSWCHv.jpg

Has ýeňil agramda UFC-niň çempiony Aljamein Sterlingiň başga agram derejesine geçmegi mümkin. Bu barada onuň öz sözlerine salgylanyp, fighttime.ru habar berýär.

Ol öz diwizionynda altynjy orunda durýan dosty we topardaşy Merab Dwalişwiliniň titul gazanmagyna päsgel bermezlik üçin şeýle karara geldi diýip, çeşme belleýär. Sterling özi hem-de dosty Meraby bir halkanyň içinde göz öňüne getirip bilmeýändigini, ýakyn dosty hem-de topardaşy bolany üçin onuň bilen garşydaş bolmak islemeýändigini aýdýar.

"Men ýarym ýeňil agram derejesine geçmek hakda pikir etdim. Ikimize-de has ýeňil agrama düşmek kyn, ýöne häzir biz karýeramyzyň dürli basgançaklarynda, şonuň üçinem, belki, men oňa ýol berip, 145 funta çenli göterilerin"- diýip, çeşme Sterlingiň sözlerini getirýär.

Sterlingiň indiki söweşi UFC-niň has ýeňil agramdaky çempiony Pýotr Ýana garşy bolar diýlip garaşylýar.