https://sportmedia.com.tm/habarlar/aleksandr-zwerew-atp-nin-jemleyji-yarysynyn-cempiony-boldy/Z261x1GoriVgvy1.jpg

Russiýaly tennisçi Daniil Medwedew Tennis hünärmenleri birleşigi (ATP) jemleýji ýaryşynyň finalynda dünýäniň üçünji raketkasy Aleksandr Zwerewden asgyn geldi. Ýaryşyň final oýny Turin şäherinde geçirildi diýip, 360tv.ru habar berdi.

Bu ýaryşyň baýrak gaznasynyň 7,2 million dollardygyny bellemelidiris. Häzir Daniil Medwedew dünýäniň ikinji raketkasy diýen ady eýeleýär we ol bassyr ikinji ýyl bu ýaryşyň finalyna çykýar. Bu gezekki final duşuşygy bir sagat 15 minut dowam etdi. Rus sportçusy germaniýaly garşydaşyndan 4:6, 4:6 hasabynda ýeňildi.

Netijede, Medwedew çempionlyk titulyny gorap bilmedi. Mundan bir ýyl ozal ol Awstriýanyň wekili Dominik Timden üstün çykyp, ATP-niň jemleýji ýaryşynda ýeňiji bolupdy.