https://sportmedia.com.tm/habarlar/ahal-ondebaryjylygyny-ikinji-aylawda-hem-dowam-etdirmek-isleyar/RfvGDF58sRcju4A.jpg

Ertir ― 26-njy noýabrda Türkmenistanyň futbol çempionatynyň 8-nji tapgyrynyň çäginde «Nebitçi» bilen «Ahal» möwsümde özara ikinji duşuşygyny geçirer. 1-nji tapgyrda Aşgabatda bolan duşuşyk «Ahalyň» 2:0 hasabyndaky ýeňşi bilen tamamlanypdy. Balkanabatda garaşylan netijäni gazanmagy başarýan «Nebitçi» bu gezek ýaryşyň öňdebaryjysyny utmaga çalşar.


Birinji aýlawy birinji orunda tamamlan «Ahal» üçin hem utuş zerur. Çünki 7-nji tapgyrda ýitirilen utukdan soňra ikinji orundaky «Altyn asyr» arany 2

utuga çenli ýygyrdy. Ýeri gelende aýtsak, häzir «Nebitçide» 6, «Ahalda» bolsa 17 utuk bar.


Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýtynda berilýän maglumatlara görä, duşuşyk ertir Balkanabat şäherindäki 10 müň orunlyk sport toplumynda geçiriler. Ol öýlän 15:30-da başlanar.


Duşuşygyň resmi adamlary:

 

Duşuşygyň emini: B.Haknazarow (Aşgabat ş.)

Kömekçi eminler: N.Garaýew (Aşgabat ş.), H.Abdiýazow (Daşoguz ş.)
Ätiýaçdaky emin: A.Annamyradow (Balkanabat ş.)
Gözegçi emin: R.Pälwanow (Daşoguz ş.)
Duşuşygyň komissary: A.Mämmetgulyýew (Aşgabat ş.).