https://sportmedia.com.tm/habarlar/agyr-atletika-boyunca-2021-nji-yyldaky-dunya-cempionaty-daskentde-geciriler/lgBrlU4m526srYY.jpg

Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäheri şu ýyl Agyr atletika boýunça dünýä çempionatyny kabul eder. Bu barada IWF-niň resmi saýtyna salgylanyp, «Türkmenportal» habar berdi. Ýaryş 7 ― 17-nji dekabr aralygynda geçiriler.

Daşkentde IWF-niň nobatdaky maslahaty hem geçiriler (20 ― 21-nji dekabr), onda halkara federasiýasynyň täze dolandyryjylary saýlanar.

2021-nji ýyldaky dünýä çempionatyny geçirmek üçin mundan ozal Perunyň paýtagty Lima şäheri saýlanylypdy. Ýöne käbir sebäplere görä, çempionatyň geçiriljek ýeri üýtgedildi.

2022-nji ýyldaky dünýä çempionatynyň bolsa, Hytaýyň Çunsin şäherinde geçiriljekdigini ýatladýarys.

Türkmenistandan sportuň bu görnüşi boýunça iki sany dünýä çempiony bar. Olar Altymyrat Orazdurdyýew bilen Ýulduz Jumabaýewadyr.