https://sportmedia.com.tm/habarlar/afk-turkmen-toparlarynyn-dordusine-degisli-ygtyyarnamalary-berdi/kjKRfHdSt69CT3y.jpg

Futbol boýunça Türkmenistanyň Ýokary ligasynyň dört wekili ― «Ahal», «Altyn asyr», «Köpetdag» we «Merw» 2022-nji ýylda Aziýanyň Futbol konfederasiýasynyň ýaryşlaryna gatnaşmak üçin degişli ygtyýarnamalary almak işlerini üstünlikli tamamladylar. Bu ygtyýarnamalar yklym ýaryşlaryna gatnaşmagyň esasy şertleriniň biridir.


AFK-nyň resmi web saýtynda berilýän maglumata görä, «Ahal» futbol toparyna 2022-nji ýylda Aziýanyň Çempionlar ligasyna we AFK-nyň kubogyna wekilçilik etmäge degişli ygtyýarnama berildi. Türkmenistan çempionatynyň birinji aýlawyny birinji orunda tamamlan topar möwsümiň ahyrynda ýaryş tertibinde eýelän ornuna görä, geljek ýyl bu ýaryşlaryň islendik birine gatnaşyp biler.


«Ahaldan» başga-da üç toparymyza ― «Altyn asyra», «Köpetdaga» we «Merwe» geljek ýylda AFK-nyň kubogyna gatnaşmak üçin degişli ygtyýarnamalar berildi. Häzir Türkmenistanyň çempionatynda «Altyn asyr» ikinji, «Köpetdag» dördünji, «Merw» bolsa ýedinji orny eýeleýär. Ygtyýarnama alan dört toparymyzyň «Merwden» başgasy, Türkmenistanyň kubogy ugrundaky ýaryşda hem ýoluny üstünlikli dowam etdirýär.


Biziň ýurdumyzdan şu ýyl «Ahal» we «Altyn asyr» futbol toparlarynyň AFK-nyň kubogy ugrundaky ýaryşa gatnaşandygyny ýatladýarys. «Ahala» bu ýaryşyň sebitleýin finalyna çenli baryp ýetmek başartdy. «Altyn asyr» bolsa 2018-nji ýylda ýaryşyň final duşuşygyna gatnaşyp, kümüş medala mynasyp bolupdy.

AFK Merkezi Aziýa döwletlerinden Özbegistanyň 12, Gyrgyz Respublikasynyň 5 toparyna degişli ygtyýarnamalary berdi. Owganystan bilen Täjigistandan bolsa, heniz bir topar hem ygtyýarnama alanok.