https://sportmedia.com.tm/habarlar/acl-2021-bu-gun-final/J38H41oHlwznYFL.jpg

Bu gün Aziýa çempionlar ligasynyň 2021-nji ýyldaky final duşuşygy bolup geçer.

Ýaryş Er-Riýad şäherindäki «Korol Fahd» halkara stadionynda geçiriler. Onda Saud Arabystanyň «Al Hilol» we Günorta Koreýanyň «Pohang Stilers» klublary duşuşar. Duşuşyk Aşgabat wagty bilen 21:00-da başlanar.

«Al Hilol» (Saud Arabystany) — «Pohang Stilers» (Günorta Koreýa)

23-nji noýabr, 2021-nji ýyl. Er-Riýad. «Korol Fahd» halkara stadiony. 21:00 (Aşgabat wagty).

Baş emin: Muhammad Abdulla Hassan Muhammad (BAE)