https://sportmedia.com.tm/habarlar/7-aylap-futboldan-cetlesdirildi/TXtHh5hVbg5X9EI.jpg

Germaniýanyň ikinji ligasy Bundesliga 2-de oýnalan Erzgebirge Aue – Ingolştadt duşuşygynda ýer eýeleri 1-0 hasabynda ýeňiş gazandy.

Duşuşykdan soň Erzgebirge Aue toparynyň futbolçysy Klemens Fandrihä 7 aýlyk jerime berildi. Ol şol oýnuň 89-njy minudynda gapdal emine tüýkürendigi üçin gyzyl kart alypdy.

Şeýlelikde, Fandrih öňümizdäki 7 aý boýunça ähli futbol guramaçylygyndan daşlaşdyryldy. Ol Germaniýada iň uly 2-nji jerime hökmünde hasaba alyndy.

Ondan öňde Herta Berliniň gruziýaly futbolçysy Lewan Kobiaşwili bolup, ol eşik çalşyrylýan otagyň koridorynda emini ýumruklany üçin 7,5 aýlap jerime alypdy.