https://sportmedia.com.tm/habarlar/2022-nji-yylda-pekinde-geciriljek-gysky-olimpiya-oyunlarynyn-sygary-belli-boldy/LBEN72zZ50u02hN.jpg

"Umumy geljek üçin bilelikde” – şeýle şygar 2022-nji ýylyň 4-nji fewralyndan 20-nji fewraly aralygynda Pekinde geçiriljek gyşky Olimpiýa oýunlarynyň guramaçylary tarapyndan hödürlendi. Şygar dünýäniň COVID-19 pandemiýasyna garşy göreş bilen baglanyşykly döredildi diýip, www.m24.ru habar berýär.

“Umumy geljek üçin bilelikde” – bu umumy maksada ýetmegi goldaýan garaýyş, başlangyç we hereket meýilnamasy. Agzybirlik, parahatçylyk, öňegidişlik we çydamlylyk – olimpiýa ruhunyň wagyzçysy bolup, tutuş dünýäniň iň gowy geljegiň hatyrasyna bilelikde işlemäge bolan umumy islegini görkezýär” – diýip, guramaçylyk komitetiniň metbugat gullugy belleýär.

“Biz bu şygaryň köpçüligiň ünsüni özüne çekjekdigine we pandemiýa şertlerinde geçiriljek üstünlikli oýunlar üçin tagallalarymyzy birleşdirmäge mümkinçilik berjekdigine ynanýarys” – diýip, Pekiniň häkimi, guramaçylyk komitetiniň ýolbaşçysy Çen Szinin belleýär.


Gyşky ýaryşlarda 109 medal toplumy ugrunda bäsleşiler.