https://sportmedia.com.tm/habarlar/12-rus-agyr-atletikacysy-kop-yyllyk-doping-diskwalifikasiyasyny-aldy/DfBLW5N6lEF2hcZ.jpg

12 rus agyr atletikaçysy doping üçin köp ýyllap diskwalifikasiýa aldy we ýene sekiz türgen jogapkärçilige çekildi. Bu barada Halkara agyr atletika federasiýasynda (IWF) Halkara doping synag gullugy (ITA) tarapyndan neşir edilen "Doping düzgünine garşy düzgüni bozmak" hasabatynda habar berildi.

Hasabat 2009-njy ýyldan 2019-njy ýyla çenli geçirilen barlaglaryň netijelerini görkezýär.

12 rus agyr atletikaçysy diskwalifikasiýa aldy: iki gezek dünýä we Ýewropa çempiony, 105 kilograma çenli agram derejesinde Olimpiýa oýunlarynda bürünç medalyň eýesi Ruslan Albegow, iki gezek Ýewropa çempiony Oleg Çen (69 kg), Ýegor Klimonow (96 kg), dünýä we Ýewropa çempiony Tima Turiýewa (63 kg), iki gezek Ýewropa çempiony Deýwid Bedzanýan (105 kg), Çingiz Moguşkow (105 kg-dan köp), Ýewropanyň çempiony Adam Maligow (94 kg), Magomed Abuýew (105 kg-dan köp) we Ýuliýa Konowalowa (75 kg) dört ýyl, üç gezek dünýä çempiony Nadežda Ewstýuhina (75 kg) - iki ýyl, Maksim Şeýko we Dmitriý Lapikow (ikisi-de 105 kg) degişlilikde alty we sekiz ýyl ýaryşdan mahrum edildi.

Iki gezek Ýewropanyň çempiony Andreý Demanow (94 we 105 kg), Rinat Kireýew (94 kg), Arsen Boraganow (77 kg), Feliks Halibekow (62 kg), dünýä çempiony Swetlana Şimkowa (69 kg), Tatýana Aleýewa (63 kg), Ýekaterina Katina (96 kg) we Olimpiýa çempiony, üç gezek dünýä çempiony we alty gezek Ýewropa çempiony Oksana Slivenkonuň (69 kg) üstünde degişlilikdäki barlag işleri dowam etdirilýär.